English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
Inspeksiýa

Etiň hökmany inspeksiýasy – Oba hojalyk ministrliginiň bölümi bolan Iýmit önümleriniň howpsuzlygy we inspeksion barlag gullugynyň (FSIS) wezipesidir. Ähli et önümleri gowy hilliligine barlagy geçmelidir. Ol federal inspeksiýa ýa-da aýratyn ştatlaryň inspektorlary tarapyndan amala aşyrylýar. Inspektor işinde işleýän kadrlar döwlet okuw jaýlarynda Birleşen Ştatlaryň Hökümetiniň gözegçiligi astynda okuw geçýärler. Döwlet tarayndan aýlyk alýan inspektorlar adamyň sarp edýän önümleriniň ýaramlylygy, arassalygy, gowy hilliligi, ýasama däldigi we belgilenişiniň (markirowkasynyň) takyklygy üçin jogap berýärler. FSIS-iň inspektorlary her haýwana soýulmazyndan öň seredýärler, soňra soýulmak işine, läşiň işlenişine, satmak üçin gaplara salynmaklygyna, belgilenişine we saklaýjylara-ammarlara goýulmaklygyna gözegçilik edýärler. Olaryň maksady ähli federal düzgünleriň we ştatyň kanunlarynyň ýerine ýetirilýändigine ynamly bolmakdyr. Eger-de, barlaglar önümiň hiliniň gowulygyny we onuň sarp etmek üçin ýaramlydygyny tassyklasa, onda inspector syýa möhüri läşe, önümiň esasy böleklerine we önüm salnan gaplara basýar.

Et önümleriniň barlagyna goşmaça FSIS-iň inspektorlary her gaýtadan işleýji kärhananyň sanitar ýagdaýyna jogapkärdirler. Işe başlamaga rugsat bermezden öň inspektorlar enjamlaryň, ammar jaýlarynyň we gurallaryň barlagyny amala aşyrýarlar hem-de işgärleriň şahsy gigiýenasyna gözegçilik edýärler, Olar gowy hilli önüm almak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine göz ýetirmelidirler. Eti gaýtadan işlemek bilen meşgul bolýan we işleri federal ýa-da ştat inspektorlary tarapyndan oňlanan ähli kärhanalar USDA-nyň inspeksiýasyndan geçmäge borçludyrlar. Ol ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan üpjün edilýär we amerikan salgyt töleýjileriniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Aýry bölekleriň häsiýetnamasy we lomaý söwda

Läşlere hiliň we peýdaly önümiň çykyşynyň kategoriýalaryny bermeklige goşmaça Birleşen Ştatlaryň döwlet pudaklaýyn edaralary läşleri we et böleklerini bölmegiň takyk kesgitlenilişine we ülňuleşdirilmegine jogapkärdirler. Şu usullaryň düşündirişleriniň we ülňüleriniň işlenilip düzülmegi bilen eti bölmeklik we ondan soňraky lomaý ýerleşdirmeklik ýönekeýleşdi, sebäbi işiň ähli gatnaşyjylary indi bir dilde düşünişip bilýärler we şol bir başlangyç görkezmeleri ulanýarlar. Döwlet guramalarynyň işläp düzen resminamalaryna ýüz tutmaklyk mümkinçiligi döredi. Sygryň, doňzuň we goýnuň her bölegine, şol sanda saklaýjylar (konserwantlar) bilen işlenilen we doly taýýarlanylan ete we subönümlere düşündirişleri bar bolan belgiler degişli edildi. Bu maglumatlar “Et söwdasynyň kabul edilen häsiýetnamalary” (IMPS) atly resminama girizilendir. Amerikan üpjün edijilerinden et almak prosesini ýeňilleşdirmek üçin her gezek “Et söwdasynyň kabul edilen häsiýetnamalaryna” ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Supplemental information

Certificate of Quality and Condition
Source: USDA Agricultural Marketing Service

Meat and Poultry Export Certificate of Wholesomeness
Source: USDA Food Safety and Inspection Service

Veterinary Health Certificate
Source: USDA Animal and Plant Health Inspection Service

Certificate of Origin
Source: J.E. Lowden & Company

Global Business Center, 468 North Camden Drive
Beverly Hills, California 90210
office: +1.310.860.7666
e-fax line: +1.323.395.0707
BIRD FLU INFO
From W.H.O. report
is no pandemic
of bird flu