Inspeksion barlagdan tapawutlykda etiň hil (sort) taýdan bahalandyrylmagy meýletin işdir. Bu hyzmat Oba hojalyk ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýändir, bu hyzmat üçin ony almak isleýän kärhanalar tarapyndan töleg tölenýändir. Hil taýdan bahalandyrmagyň maksady - her läş boýunça etiň hiline we ýagsyz etiň çykyşyna görä sygyr, doňus we goýun läşlerini ülňüleşdirilen (standartlaşdyrylan) kategoriýalara degişli etmekdir. Şu hilli bahalandyryş ähli pudak möçberinde satyn almak - satmak prosesini ýokary derejede birugurlandyrmaklyga (unifisirlemeklige) mümkinçilik döredýär. Ol iki sany esasy kategoriýa bölünýär: hil taýdan bahalandyryş we önümden peýdaly bölegiň çykyşyna bahalandyryş. Şu hilli bahalandyryşy geçirmeklige tölegi kärhanalaryň özleriniň töleýändikleri üçin bu bahalandyrmada ähli läşlere seredilmeýär. Adatça kärhanalar inspektorlara diňe hili we şol bir wagtda önümiň çykyşy boýunça hem ýokary bahalary almaga has ukyply ýaş öküzleriň we göleleriň läşlerini görkezýärler. Sygyr we goýun läşleri meňzeş ölçegler bilen bahalandyrylýarlar, şol bir wagtda doňuz läslerini bahalandyrmak bolsa başga ölçeglere görä geçirilýär, ölçegler şol bir wagtda hil we san taýdan talaplary öz içine alýarlar.
Hiliň kategoriýalary
Sygyr we goýun läşleri hil taýdan bahalandyrylmalydyrlar. Olar şu kategoriýalara degişli edilip bilnerler: "Prima" - "Prime", "Saýlantgy" -"Choice", "Gowulandyrylan" - "Select" (diňe iri şahly mallar üçin) ýa-da "Hilli" -"Good" (diňe goýun läşleri üçin). Läşleri kategoriýalara bölmeklik etiň garaşylýan sarp edijilik hilini bahalandyrmak maksady bilen tejribeçilige girizildi. Kategoriýalar läşleriň ýaşyna (haýwanlaryň soýlan wagtyndaky ýaşyna), myşsalaryň “mermerligine”, ondan daşgary hem ýagsyz etiň öwüşginine, dykyzlygyna we reňkine esaslanylyp berilýär.
“Mermerlik” myşsa etlerinde ýagyň uly bolmadyk bölekleriniň barlygy bilen kesgitlenilýär. Myşsany gurşap alýan üstdäki ýa-da gasynlardaky ýag oňa dahylly däldir. “Mermerlik” etiň näzikligini köpeldýär we şol bir wagtda ony has şireli we süýji edýär. USDA “mermerligiň” birnäçe kategoriýasyny tapawutlandyrýar, olardan has giň ýaýranlary şulardyr: "Slightly Abundant" - "Ýeňilräk bol", "Moderate" -"Ortarak", "Modest" - "Azrak", "Small" - "Kiçi". Görkezilen kategoriýalardan birinjisi has ýokarkydyr.
“Prima” kategoriýasyna degişli edilen läşleriň iň hilli etleri bardyr. Ondan soňra "Saýlantgy", "Gowulandyrylan" we "Hilli" derejeleri gelýändir. Hiliň kategoriýalarynyň ýerine ýetirýän esasy hyzmaty läşleri birmeňzeş toparlara bölmekdir, bu bolsa şol bir toparda hilleriň tapawutlaryny azaldýar we lomaý alyjylaryň we sarp edijileriň özlerine gerekli etiň görnüşini seljermekligine kömek edýär.
Sygyr we goýun etlerinden tapawutlykda doňuz etiniň läşlerine kategoriýanyň diňe bir görnuşi berilýär. Ilki başda ýagsyz etiň hiliniň bütewilikde nähili derejede kabul ederliklidigine baha berilýär, soňra muskulaturanyň häsiýetine we ýagyň möçberine seredilýär. Eger-de, läşiň etiniň reňki we dykyzlygy kabul ederlikli bolsa, onda oňa birinjiden dördünjä çenli hiliň dört kategoriýasynyň biri berilýär. Birinji kategoriýa iň ýokarkysydyr. Kategoriýany gutarnykly kesgitlänlerinde aýaklaryň myşsalary we arka oňurganyň uzaboýunda bar bolan ýaglaryň möçberi göz öňünde tutulýar.
Ýokardaky şekiller ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň “etiň mermerliginiň” resmi suratlarynyň kiçeldilen nusgalarydyr, bu suratlar Maldarçylyk we et palatasy (NLSMB) tarapyndan ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi üçin taýýarlanylandyr. Bu suratlar Maldarçylyk we et palatasy tarapyndan ulanmaga berlip bilner.
Peýdaly önümiň çykyşynyň kategoriýalary
Bu kategoriýalar her bir läşden kesilen we doly gaýtadan işlenilen aýry satylýan bölekleriň garaşylýan çykyşyny bahalandyrmaga ýardam berýärler. Läş näçe köp ýagly we süňkli bolsa, şonça-da, degişlilikde, aýry satylýan bölekleriň garaşylýan çykyşy, diýmek kategoriýasy hem, pes bolýar. Her kategoriýa 1-den 5-e çenli belgi berilýär, birinji kategoriýa iň ýokarkydyr. Peýdaly önümiň çykyşynyň kategoriýalary läşiň daşyndaky ýagyň möçberini, ýürek myşsalarynyň we böwrekleriň daşyndaky hem-de çanaklygyň töweregindäki içerki ýaglary, läşiň agramyny we file edilýän bölegiň myşsalarynyň göwrümini inedördül (kwadrat) dýumda hasaba alýarlar. Adatça gowy görnüşdäki muskulaturaly we iň az (minimal) möçberdäki ýagly läşleri I kategoriýa degişli edýärler. Goýun läşleri biraz başgaça bahalandyrylýar: ýagyň möçberinden başga-da aýaklaryň görnüşi (formasy) we muskulaturasynyň hili göz öňünde tutulýar.








