Etiň gaplanyşyny we onuň bilen iş salyşmagy hem-de olary ammarlarda goýmagy dogry gurnamak Birleşen Ştatlarda öndürilen ýokary hilli etiň ähli gymmatly häsiýetlerini saklamak üçin iňňän ähmiýetlidir. Iş salşylanda we ammarlarda saklananda bisowatlyk önümiň iň ýokary hilini ýoklap biler. Et çalt zaýalanýan önüm bolany sebäpli onuň bilen iş salşylanda diňe öňdebaryjy tehnologiýany ulanmak gerek we eti gaýtadan işlemeklige we saklamaklyga berlen wagt boýunça çäklendirmeleri berk ýerine ýetirmeli.
Haçan-da, 70-nji ýyllaryň başlarynda, amerikan et senagaty bölünmedik läşler bilen söwdany bes edende önümiň saklanmak möhletini uzaltmaga we ony zaýalanmakdan goramaga mümkinçilik berýän serişde hökmünde täze eti gaplamak meselesiniň has möhümdigi tizden-tiz ýüze çykdy. Täze eti gaplamaklygyň we saklamaklygyň häzirkizaman usullary, esasan, wakuum gaplamak tehnologiýasyna daýanýarlar. Wakuum usulynda gaplamaklyk adatça orta we kiçi bölekler, bifşteksler we rostbifler üçin ulanylýar. Bu prosesde howa geçirmeýän we galyň süýnýän (elastic) plastikden bolan ýöriteleşdirilen laminirlenen haltalar ulanylýar. Adatça, süňki ýok bolan eti wakuum enjamyna salýarlar, ol bolsa haltadan howany sorup alýar we haltany kebşirleär (ýapýar). Käbir enjamlar howany uglerodyň ikili okisiniň (CO2) örän az möçberi bilen çalyşmaga ukyply.








