English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
Gaplamaklyk

Etiň gaplanyşyny we onuň bilen iş salyşmagy hem-de olary ammarlarda goýmagy dogry gurnamak Birleşen Ştatlarda öndürilen ýokary hilli etiň ähli gymmatly häsiýetlerini saklamak üçin iňňän ähmiýetlidir. Iş salşylanda we ammarlarda saklananda bisowatlyk önümiň iň ýokary hilini ýoklap biler. Et çalt zaýalanýan önüm bolany sebäpli onuň bilen iş salşylanda diňe öňdebaryjy tehnologiýany ulanmak gerek we eti gaýtadan işlemeklige we saklamaklyga berlen wagt boýunça çäklendirmeleri berk ýerine ýetirmeli.

Haçan-da, 70-nji ýyllaryň başlarynda, amerikan et senagaty bölünmedik läşler bilen söwdany bes edende önümiň saklanmak möhletini uzaltmaga we ony zaýalanmakdan goramaga mümkinçilik berýän serişde hökmünde täze eti gaplamak meselesiniň has möhümdigi tizden-tiz ýüze çykdy. Täze eti gaplamaklygyň we saklamaklygyň häzirkizaman usullary, esasan, wakuum gaplamak tehnologiýasyna daýanýarlar. Wakuum usulynda gaplamaklyk adatça orta we kiçi bölekler, bifşteksler we rostbifler üçin ulanylýar. Bu prosesde howa geçirmeýän we galyň süýnýän (elastic) plastikden bolan ýöriteleşdirilen laminirlenen haltalar ulanylýar. Adatça, süňki ýok bolan eti wakuum enjamyna salýarlar, ol bolsa haltadan howany sorup alýar we haltany kebşirleär (ýapýar). Käbir enjamlar howany uglerodyň ikili okisiniň (CO2) örän az möçberi bilen çalyşmaga ukyply.

Wakuum gaplaýyş birnäçe artykmaçlyklary berýär. Olaryň esasysy – mikroorganizmleriň ösüşini togtadýan bütinleý diýen ýaly kislorodsyz gurşaw, bu bolsa eti ulanmaklygyň bolup biljek aňrybaş möhletini uzaldýar. CO2 –ni goşmaklyk bakteriýalaryň ösüşini öňküden hem has netijeli togtadýar. Wakuum gaplaýyşyň goşmaça artykmaçlyklary – bölekleriň ölçegleriniň birdürliligi, etiň guramaklygy we bugarmaklygy zerarly bolýan ýitgileri azaltmak we ýokary arassaçylyk hem-de iş salşylandaky, uly gaplara salnandaky, daşalandaky we ammarlarda saklanandaky oňaýlyklar.

Details

Gaplamaklyk
(Etiň gaplanyşyny we onuň bilen iş salyşmagy hem-de olary ammarlarda goýmagy dogry gurnamak Birleşen Ştatlarda ...)

Belgilemek
(Product code number, Internal coding system for Quality Control, Product Name)

Saklamaklyk
(Et, mikroblar we bakteriýalar tarapyndan täsirlere eýe bolan çalt zaýalanýan önüm bolandygy sebäpli ...)

Ammarlarda saklamak
(Iň oňat gaplanylanda we arassa iş salşylanda hem täze we doňdurylan et önümlerini saklamaklygyň mümkinçilikleri çäklendirilendir ...)

Global Business Center, 468 North Camden Drive
Beverly Hills, California 90210
office: +1.310.860.7666
e-fax line: +1.323.395.0707
BIRD FLU INFO
From W.H.O. report
is no pandemic
of bird flu