English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
Saklamaklyk

Et, mikroblar we bakteriýalar tarapyndan täsirlere eýe bolan çalt zaýalanýan önüm bolandygy sebäpli, şu hilli täsirleriň döremek mümkinçiligini azaldýan jogapkärçilikli çäreleri geçirmek zerur. Şol bir wagtda bolsa et önümleri soýlan pursatyndan başlap tä sarp edilýänçä mikroorganizmleriň täsirleri üçin açykdyr. Her gezek, etiň bölegi ele alnanda, kesilende, gaýtadan işlenilende ol bakteriýalar we hapalar bilen galtaşyga girýär. Saklamaklyk möhleti gysgalýar, zaýalanmak töwekgelçiligi artýar. Etiň el, enjamlar, howa we hapalanmaklygyň mümkin bolan çeşmeleri bilen galtaşyklaryny iň aza getirmek üçin ýörite çäreler gerek.

Ýerine ýetirilende etiň arassalygyny saklaýan birnäçe peýdaly düzgünler işlenilip düzüldi. Mysal üçin, sarp edilýän pursatyna çenli eti gaplanan görnüşde goýmak hem-de sowatmaklygyň we uzak wagtlaýyn saklamaklygyň zerur temperaturasyny saklamak maslahat berilýär. Enjamlaryň, gurallaryň we işçileriň elleriniň sanitar taýdan arassalanyşy hapalanmagyň mümkinçiligini ýene-de has azaldýar. Iň ýokary girdejiniň açary – önümleri saklamaklygyň dogry gurnalyşydyr.

1. Eger-de, temperatura Farengeýt boýunça 40 gradusdan az bolsa, ammaryň temperaturasy bolsa Farengeýt boýunça 30-dan 34 gradusa çenli aralykda bolsa, önümler öz hillerini uzak wagtlaýyn saklaýarlar.
2. Önümiň doňduryjynyň daşynda, mysal üçin, ýüklenýän bölümlerde, doňduryjy enjamsyz meýdanlarda ýa-da böleklere bölünýän ýerlerde köp wagt bolmazlygyna gözegçilik ediň.
3. Et konteýneriniň içinde önümleri gaty beýiklikde goýmaň. Olary, sowuk howa gelýändigine ynamly bolar ýaly, howa turba geçirijisinden aşakda goýuň. Et konteýnerini we doňduryjynyň temperaturasyny wagtly-wagtynda barlap duruň.
4. Oňümi senesiniň kody boýunça saýlaşdyryň. Iň soňky sene bilen belgilenilen önümleri konteýneriň yzky böleginde ýerleşdiriň.
5. Oňümiň taýýarlanylan senesine ünsli serediň we islendik möhleti geçen haryt boýunça öz kompaniýaňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

Farengeýt şkalasyndan Selsiý şkalasyna geçilende başdaky sandan 32 aýrylýar we alnan san 5/9-a köpeldilýär.

Selsiý şkalasyndan Farengeýt şkalasyna geçilende başdaky san 9/5-e köpeldilýär we alnan sana 32 goşulýar.

Details

Gaplamaklyk
(Etiň gaplanyşyny we onuň bilen iş salyşmagy hem-de olary ammarlarda goýmagy dogry gurnamak Birleşen Ştatlarda ...)

Belgilemek
(Product code number, Internal coding system for Quality Control, Product Name)

Saklamaklyk
(Et, mikroblar we bakteriýalar tarapyndan täsirlere eýe bolan çalt zaýalanýan önüm bolandygy sebäpli ...)

Ammarlarda saklamak
(Iň oňat gaplanylanda we arassa iş salşylanda hem täze we doňdurylan et önümlerini saklamaklygyň mümkinçilikleri çäklendirilendir ...)

Global Business Center, 468 North Camden Drive
Beverly Hills, California 90210
office: +1.310.860.7666
e-fax line: +1.323.395.0707
BIRD FLU INFO
From W.H.O. report
is no pandemic
of bird flu