Iň oňat gaplanylanda we arassa iş salşylanda hem täze we doňdurylan et önümlerini saklamaklygyň mümkinçilikleri çäklendirilendir. Täze we doňdurylan wakuum gapdaky et we önümler, adaty şertlerde, soýlandan soňra 60 günün dowamynda sarp edilmeklige ukyplylygynda galýarlar. Emma, ösen tehnologiýa käbir ýagdaýlarda saklamaklygyň möhletini 100 güne çenli uzaldyp bilýän täze usullary teklip edýär.
|
|
|
| Eti doňduryjylarda saklamagyň möhletleri pudarlanan bölekleriň häsiýetine bagly, emma, şonda-da käbir orta ululyklary getirmek mümkin: |
|
|
|
|
SYGYR ETI
|
AÝLAR
|
|
Subönümler
|
12
|
|
Täze aýry bölekler
|
12
|
|
Läşler
|
9-12
|
|
|
DOŇUZ ETI
|
AÝLAR
|
|
Kolbasalar
|
12
|
|
Subönümler
|
9-12
|
|
Täze aýry bölekler
|
6-9
|
|
Läşler
|
6
|
|
|
GOÝUN ETI
|
AÝLAR
|
|
Subönümler
|
9-12
|
|
Täze aýry bölekler
|
6-9
|
|
Läşler
|
4-6
|
|
|
|
|
Önümi ulanmaklygyň möhleti diňe gaplanyşdan däl-de, eýsem, doňduryjynyň temperaturasyna, hem-de daşalanda, gaýtadan işlenilende we saklanylanda temperaturanyň üýtgemegine hem baglydyr. Gaýtadan işlenişde has az wagt bolan we berlen hemişelik şol bir temperaturada saklanylýan et önümleri, geleňsiz gaýtadan işlenilen ýa-da temperatura režimi ýerine ýetirilmän ammarlarda saklanylýan edil şolar ýaly önümlere görä öz hilini has gowy saklaýarlar. Saklanylýan ýerlerdäki temperaturanyň üytgäp durmaklygy önümiň saklanyş möhletini azaldýar we çyglylygyň ýitirilişini köpeldýär.